15-nji maýdan başlap her gün Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobuslar gatnap başlar

  • 07.05.2025 15:34
  • 117k+

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ 15-nji maýdan başlap, Aşgabat Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawyny ýola goýýar.

Bu ugur boýunça awtobuslar her gün Aşgabat şäheriniň Halkara awtomenzilden (A.Nyýazow şaýolunyň 422-nji jaýynda ýerleşýär) sagat 06:00-da we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Ýelkenli köçesiniň ugrunda ýerleşýän 4-gatly 266 orunlyk awtoduralgadan sagat 13:00-da yzyna ugraýar.
Şäherara awtobus gatnawyny amala aşyrýan raýatlar biletleri kassalardan hem-de ýörite mobil goşundydan onlaýn görnüşde satyn alyp bilerler. Gatnawyň bir tarapy üçin biletiň bahasy 75,00 manat möçberinde bellenildi.


Biletleri onlaýn satyn almak üçin Google Play-dan we  App Store-den "Şäherara bilet" (Междугородние автобусы - билеты)
 ykjam goşundyny telefonyňyza ýükläp almaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +99361-49-34-95; 44-35-30; 44-35-20.


düýn 16:31
3.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
3.9k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.3k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.5k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......