Gurbanguly Berdimuhamedow Türküstanda “Etnoaul” milli-medeni toplumyna baryp gördi

  • 22.04.2025 00:11
  • 14k+

21-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana saparynyň çäklerinde Türküstan şäheriniň “Etnoaul” milli-medeni toplumyna baryp gördi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystanyň Prezidenti gazak ak öýi, gazak halkynyň gadymy döwürlerde ulanan öý hojalyk esbaplary, haly önümleri bilen tanyşdyryldy.
“Etnoaul” milli-medeni toplum “Kazanat” aýlawynyň çäginde 2500 inedördül metr meýdany tutýar. Toplumyň ähli ekspozisiýasy 30 sany ak öýde ýerleşdirilip, bu ýere gelýänleri gazak halkynyň baý taryhy, medeniýeti, sungaty we däp-dessurlary bilen tanyşdyrýar. Aýlawda adaty atly sport çäreleri bilen birlikde gadymy çarwadarlaryň milli sport görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirilýär.


Toplum “Hazret Sultan” taryhy-medeni muzeý-goraghanasynyň düzümine girip, Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähiniň ýakynynda ýerleşýär.
“Etnoaul” milli-medeni toplumy bilen tanyşlykdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýew “Turkistan Visit Centre” syýahatçylyk maglumat merkezine bardylar.
Syýahatçylyk maglumat merkezinde wekiliýet Baştutanlary Türküstan şäheri barada wideoşekile tomaşa edip, taryhy eksponatlar bilen tanyşdylar.
Merkez dürli hyzmatlary, şol sanda gezelençleri we dürli çäreleri guramak boýunça hyzmatlary hödürleýär. Şeýle hem bu ýerde ýerli senetkärleriň taýýarlan sowgatlyk önümlerini satyn almak bolýar.


Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti “Karavansaray Turkistan” syýahatçylyk toplumyna baryp gördüler.
Gündogar ertekisi äheňinde gurlan bu syýahatçylyk toplumynda myhmanlar Türküstanyň taryhy, senetçiligi, medeniýeti we sportyň milli görnüşleri bilen tanşyp bildiler. Toplumyň çäginde 115 otagly döwrebap myhmanhana ýerleşýär.
Toplumdaky söwda-dynç alyş merkezleri ýylda 300 müň syýahatçyny kabul edip bilýär. Şeýle hem bu ýerde dürli attraksionlar, şol sanda tomaşaçylary ertekiler dünýäsine syýahat etdirýän 3D tehnologiýaly attraksionlar hereket edýär.
“Hazret Sultan” milli muzeý-goraghanasy bilen tanyşlykdan soňra Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Kasym-Žomart Tokaýew bu ýerden ugradylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gazagystana dostlukly sapary dowam edýär.









düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......