Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrar

  • 12.04.2025 10:39
  • 9.4k+

11-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş saparyna görülýän taýýarlyk boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görmegiň barşynda onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli maksatnamany hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary depginde ösdürilýändigini, ýurtlarymyzyň arasynda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine ýakyn wagtda bu dostlukly ýurda boljak iş saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......