Aşgabatda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Kararnamasynyň kabul edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi

  • 25.03.2025 10:07
  • 3.3k+

24-nji martda Aşgabadyň “Mekan” köşgünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy” atly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, milli we daşary ýurt KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratna, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, ABŞ-nyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçileri çykyş etdiler.


Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ösüşiniň geçen döwründe BMG-niň esasy gymmatlyklaryna we maksatlaryna laýyk gelýändigini subut edendigi we Milletler Bileleşiginiň umumy gazanany hökmünde ykrar edilendigi bellenildi.
Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.


Şunuň bilen baglylykda, häzirki zamanyň ählumumy gün tertibiniň esasy meselelerine, şeýle-de özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek baradaky ýurdumyzyň garaýyşlarynyň beýany bolan Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna aýratyn üns berildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.



05.06.2026 18:04
5.3k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......