Ermenistanyň Premýer-ministrine Aşgabatdaky foruma çakylyk gowşuryldy

  • 21.03.2025 06:37
  • 2.4k+

19-njy martda Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow ýurduň Premýer-ministriniň diwanynyň ýolbaşçysy Araik Arutýunýan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň başynda ilçi A.Arutýunýana Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana ýollanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumyna çakylygy gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Şonuň bilen birlikde, möhüm şanly wakalaryň – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň utgaşyp gelmeginiň 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini has-da artdyrjakdygy bellenildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerinden peýdalanyp iki ýurduň arasyndaky söwdany ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......