Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi

  • 20.03.2025 13:08
  • 8.2k+

19-njy martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, “Çalyk Holding” tarapyndan gurlup ulanmaga berlen, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş, önümçilik we energetika desgalary ýurdumyzyň ösüşinde uly orun eýeleýär.
2024-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda “Gap Inşaat” kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanmaga berlen Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli berkeýändigini nobatdaky gezek görkezdi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, aýtdy we Türkmenistanyň durmuşa geçirilýän taslamalarda hemişe ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, innowasion tehnologiýalary, ykdysady taýdan netijeli çözgütleri giňden goldaýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri kompaniýanyň ýerine ýetirýän işlerinde mundan beýläk-de täze tehnologiýalary we innowasion enjamlary işjeň ulanjakdygyna berk ynam bildirdi.
Ahmet Çalyk bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......