Gurbanguly Berdimuhamedow Tokaýewi gazak diplomatiýasynyň nobatdaky ýeňşi bilen gutlady

  • 11.03.2025 16:38
  • 8.2k+

Gazagystanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa we Owganystan üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça sebit merkezi» atly Kararnamasyny biragyzdan kabul etdi. Bu möhüm taryhy waka bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutlady.

Metbugatda çap edilen hatda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde iki ýurduň arasyndaky  gatnaşyklar köpugurly strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykdy. Türkmen-gazak hyzmatdaşlygy ugurlaryň örän giň toplumy boýunça ösdürilýär. Iki ýurduň halkara giňişlikde ýakyndan syýasy-diplomatik özara hyzmatdaşlygy onuň esasy aýratynlyklarynyň biridir. "Şunuň bilen baglylykda we şu mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugruny, onuň Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny pugta we üýtgewsiz goldaýandygyňyz üçin Size minnetdarlyk bildirmek isleýärin" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

"Biziň ýurdumyz hem, öz nobatynda, Gazagystanyň halkara ähmiýetli tekliplerine hemişe hormat bilen garaýar, olary dünýäde öňe sürmäge işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistanda gazak diplomatiýasynyň nobatdaky ýeňşi — Gazagystan Respublikasynyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa we Owganystan üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça sebit merkezi» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky habary buýsanç hem ruhubelentlik bilen kabul etdik. Türkmenistanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Gazagystanyň halkyny bu möhüm taryhy waka bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn" diýlip, hatda aýdylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy depginli ösýän we täzelenen Merkezi Aziýany döretmek, Owganystana hemmetaraplaýyn goldaw bermek maksady bilen sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen bu Kararnamanyň şeýle işlere Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagy üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýandygyny beýan edýär.

"Bu resminamanyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýa tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylda kabul edilmegi guwandyryjydyr. Biz munda aýratyn manyny, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki bilelikdäki hereketleriniň sazlaşykly, utgaşykly ugruny görýäris. Hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç, ýene-de bir gezek biziň gutlaglarymyzy kabul ediň! Size berk jan saglyk, döwlet we halkara işleriňizde uly üstünlikleri, Gazagystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......