Awstraliýada adam beýnisiniň öýjükleri bilen işleýän kompýuter döredildi

  • 10.03.2025 14:58
  • 2.3k+

Awstraliýanyň Melburn şäherinde ýerleşýän Cortical Labs kompaniýasy dünýäniň ilkinji biologiki kompýuteri bolan CL1-i döretdi. Bu kompýuter laboratoriýa şertlerinde işlenip düzülen adam beýnisiniň neýronlary arkaly işleýär diýip, «ABC» habar berýär.

Kompaniýanyň ylmy ýolbaşçysy Brett Kagan CL1-de ýüz müňlerçe neýronyň bardygyny aýdýar. Bu neýronlar biri-biri bilen täsirleşip, täze maglumatlary öwrenmäge ukyply.

«Adam neýronlarynyň mümkinçilikleri çäksiz, olar dürli maksatlar üçin ulanylyp bilner. Mysal üçin, keselleriň nähili özgerýändigini anyklamak, täze dermanlary synagdan geçirmek ýa-da emeli aň döretmek ýaly işleri ýerine ýetirip biler» — diýip, ol belläp geçýär.

Cortical Labs kompaniýasy CL1-iň häzirki wagtda bar bolan emeli aň ulgamlaryndan «has çeýe we durnuklydygyny» öňe sürýär.

«Emma biz bu tehnologiýanyň hakyky güýjüni diňe ulanyjylaryň eline gowşandan soň doly görüp bileris. Ol ylmy we lukmançylyk gözleglerinde oýnuň düzgünlerini üýtgeder diýip garaşýarys» diýip, kompaniýanyň wekilleri aýdýarlar.

Bu biokompýuterde neýronlar kremniý çibiniň üstünde ýerleşýär. Olar ChatGPT ýaly emeli aň modellerinde ulanylýan adaty çiplere garanyňda has çalt öwrenýär. Mundan başga-da, bu kompýuter neýronlaryň durnuklylygyny saklamak üçin, ýönekeý we ygtybarly enjam bilen üpjün edilen.

«Biziň döreden ulgamymyzy gutynyň içindäki beden diýip atlandyryp bolar. Bu ulgamda ýörite süzgüçler bar. Ol ýerde neýronlar üçin zerur maddalary saklamak, gazlary garyşdyryp aýlamak üçin nasoslar we temperaturany kadaly ýagdaýda saklamak üçin enjamlar ýerleşýär» — diýip, Brett Kagan düşündirýär.

Häzirki wagtda Cortical Labs kompaniýasy CL1-iň 30 moduldan ybarat serwer görnüşini taýýarlaýar. Bu ulgamyň öňümizdäki aýlarda işe girizilmegine garaşylýar.
Şahsy biokompýuterleriň satuwa çykarylmagy 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda meýilleşdirilýär. Ilkinji tapgyrda bir blogyň bahasy 35 müň dollar bolar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....