Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

  • 19.02.2025 09:57
  • 6.2k+

18-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri R.Meredowy diplomatik işgärleriň güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de bu hünär baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde Türkmenistanda saparda bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly baha berýär. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Geçen ýyllaryň dowamynda ykdysady, syýasy we beýleki ugurlarda köp işler amala aşyryldy. Şonuň netijesinde, ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýokary derejä çykaryldy. Türkmen-tatar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin dürli ugurlarda netijeli işleri alyp barýarys. Bu babatda gowy netijeleri gazanýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artmagy özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerletmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Biz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýratyn nygtady we häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, deňhukuklylyk esasynda ösdürilýändigine kanagatlanma bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigine ünsi çekip, şu ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna wekilçilikli forumyň geçiriljekdigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri tüýs ýürekden hormatyny beýan edip, myhmany bu foruma gatnaşmaga çagyrdy hem-de Rustam Minnihanowyň oňa gatnaşmak bilen, bu iri halkara çäräniň üstünlikli geçirilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz we belent mertebeli myhman bilelikde Aşgabadyň Halkara howa menziline bardylar. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bu ýerden Watanyna ugrady.


düýn 19:38
5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......