Instagram blogerlere aýda 50 müň dollara çenli girdeji gazanmak mümkinçiligini hödürläp başlady

  • 23.01.2025 16:24
  • 13k+

Instagram, TikTok-yň amerikan programma dükanlaryndaky ýoklugyndan peýdalanyp, Reels formatdaky wideolary öz platformasynda paýlaşmak şerti bilen blogerlere uly möçberde pul serişdelerini hödüräp, wideo döredijileri öz tarapyna çekmäge synanyşýar. Awtorlara wideolaryny başga platformalarda, mysal üçin TikTok-da neşir etmezden ozal Instagram-da ýerleşdirmek şerti bilen, her aýda 10 müň dollardan 50 müň dollara çenli girdeji gazanmak mümkinçiligi hödürlenýär diýip, The Information neşiri habar berýär.

Meta kompaniýasy ozal hem TikTok bilen bäsleşmek maksady bilen wideolaryň awtorlaryna berilýän tölegleri artdyrypdy, emma bu uzaga çekmändi. 2021-nji ýylda Instagram Reels üçin girdeji gazanmak programmasyny işe girizdi, 2022-nji ýylda awtorlarlardan tölegleriň azaldylandygy barada habarlar gelip başlapdy, 2023-nji ýylda bolsa programma dolulygyna ýatyryldy.
Instagram-yň blogerler üçin girdejileri artdyrandygy baradaky habarlar TikTok üçin dartgynly döwre gabat geldi. Gadagan edilmegi bilen baglanyşykly wagtlaýyn arakesmeden soň TikTok, geçen ýekşenbe güni ABŞ-da täzeden elýeterli boldy. ABŞ-nyň täze prezidenti Donald Trampyň gol çeken ilkinji resminamalarynyň biri – TikTok-yň ABŞ-da ýene 75 gün işlemegine ygtyýar berýän perman bolupdy.
Ýatlatsak, Instagram ýakyn wagtda profilleriň gözenekleriniň formatyny dörtburçdan göniburçluga üýtgetmek we Reels wideolarynyň dowamlylygyny 3 minuda çenli artdyrmak ýaly täzelikleri yglan edipdi. Şeýle-de Instagram-yň ýolbaşçysy Adam Mosseri, CapCut programmasyna bäsdeş boljak, dik wideolary redaktirlemek üçin “Edits” atly täze programmany köpçülige hödürlejekdiklerini mälim edipdi.


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.4k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....