TikTok ABŞ-da ýene 75 gün işlemegini dowam etdirer

  • 22.01.2025 02:13
  • 15k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp wezipä girişen ilkinji güni permana gol çekip, Adalat ministrligine TikTok bilen hyzmatdaşlyk edýän amerikan kompaniýalaryna wagtlaýyn jerime salmazlygy buýurdy.

Bu buýruk TikTok-y ByteDance hytaý kompaniýasyndan aýyrmak ýa-da programmany ABŞ-da ulanmagy gadagan etmek talabyny wagtlaýyn togtadýar. Adalat ministrligine meseläni gözden geçirmek we indiki ädimleri kesgitlemek üçin 75 gün berilýär.
Bu perman TikTok-yň gadagan etmek howpy bolmazdan ABŞ-da işlemegini dowam etdirip biljek möhletini uzaldýar. Adalat ministrligine wideoplatforma elýeterlilik berýän Apple we Google ýaly kompaniýalara garşy sanksiýa ulanmazlyk tabşyryldy.
Permana gol çekilenden soň 75 günüň dowamynda kanunyň bozulandygy üçin jerime salynmaz. Ýöne perman ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan kabul edilen we Ýokary kazyýeti tarapyndan goldanan kanunyň özüni üýtgetmeýär.
Tramp TikTok bilen hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdirýän kompaniýalar üçin uly jerimeleri göz öňünde tutýan täze kanuna eýermezlige synanyşýar. Bu kanun 2025-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda güýje girdi.
Şeýle-de, Tramp ABŞ-nyň hökümetiniň hususy kompaniýa bilen kesgitlenmedik “bilelikdäki taslama” arkaly TikTok-yň paýnamalarynyň 50%-ini satyn almagy meýilleşdirýändigini aýtdy, ýöne bu şertnama barada giňişleýin maglumat ýok.


04.06.2026 23:16
4.9k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.5k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

02.06.2026 11:43
4.5k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

29.05.2026 23:05
5.3k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....