Instagram-daky rilsleriň dowamlylygy üç minuda çenli uzaldyldy

  • 21.01.2025 13:38
  • 1.6k+

Instagram rilsleriň (gysga wideolaryň) aňrybaş dowamlylygyny üç minuda çenli artdyrdy diýip, The Verge ýazýar.

Instagram-yň ýolbaşçysy Adam Mosseri 90 sekundyň “gaty az” bolýandygyndan zeýrenýän ulanyjylaryň muny haýyş edendigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, ol 2024-nji ýylyň iýulynda “platformanyň esasy wezipesine - adamlary dostlary bilen baglanyşdyrmaklyga” howp salmazlyk üçin, platformanyň rilsleri uzaltmajakdygyny aýdypdy.
The Verge bu täzeligiň ABŞ-da TikTok-yň petiklenmegi bilen baglanyşykly bolup biljekdigini belleýär (petiklenme platforma ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampyň razylygyny alyp işe başlaýança, bir gün töweregi dowam etdi). Hytaýyň sosial ulgamy ulanyjylara 2021-nji ýylda üç minutlyk wideo goýmaga mümkinçilik beripdi.
Instagram 2022-nji ýylyň ortalarynda rilsleriň uzynlygyny bir ýarym minuta çenli artdyrypdy. Şeýle hem kompaniýa 10 minutlyk rilsleri hem synagdan geçirip görüpdi, ýöne ony iş ýüzünde ornaşdyrmady. 10 minutdan uzak wideony gysga wideo formatynda däl-de, aýratyn post hökmünde öz profiliňize ýükläp alyp bilersiňiz.
Täzelikde Instagram profildäki neşirleriň toruny täzeledi. Indi adaty inedördül nyşanlaryň ýerine gönüburçly şekiller görkezilýär. Täze dizaýny her kim bir hili kabul etdi, esasanam suratlary inedördül formata laýyklaşdyrýan dizaýnerlerdir blogçylaryň pikirleri dürli boldy, sebäbi indi tutuş gözenek “gidipdi”.


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.4k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....