TikTok ABŞ-da gadagan edilenden bir gün soň ýene açylyp başlady

  • 20.01.2025 10:07
  • 12k+

Gysga wideo döretmek we görmek hyzmatyny hödürleýän TikTok ABŞ-da petiklenenden bir gün soň, işini gaýtadan dikeltmäge başlady. Bu barada TikTok-yň X sosial torundaky resmi hasabynda mälim edildi.

“Hyzmat üpjün edijilerimiz bilen ylalaşyp, TikTok hyzmatlaryny gaýtadan dikeltmek ugrunda işleýäris. Biz prezident Trampa, hyzmat üpjün edijilerimize beren zerur düşündirişleri we [olaryň hiç hili jerime çärelerine duçar bolmajakdygy barada] beren kepillikleri üçin minnetdarlyk bildirýäris” diýlip, TikTok-nyň beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de TikTok prezident Trampyň “Birinji düzedişe we esassyz senzura garşy berk pozisiýasyna” ýokary baha berýändigini belledi. Kompaniýa, programmanyň petiklenmek meselesine “uzak möhletli çözgüt” kabul etmek üçin saýlanan prezident bilen işleşmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.
Bu wakadan öň, ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp, 20-nji ýanwarda geçiriljek kasam kabul edişlikden soň, sosial tory gadagan etmekligi wagtlaýyn yza süýşürmegi wada berdi. Tramp ABŞ-nyň TikTok bilen bilelikdäki guramanyň paýynyň ýarysyna eýe bolup, platformany “ygtybarly ellerde” saklamagynyň zerurdygyny belledi.
17-nji ýanwarda Tramp Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi. Ol sosial tory TruthSocial-da, söhbetdeşligi “hem Hytaý, hem ABŞ üçin gaty gowy” diýip atlandyrdy.

“Men birnäçe meseläni bilelikde çözeris we derrew başlarys diýip garaşýaryn. Biz söwda deňagramlylygyny, fentanil, TikTok we başga-da birnäçe mowzuklary ara alyp maslahatlaşdyk. Başlyk Si we men dünýäni has parahat we howpsuz etmek üçin elimizden gelen zady ederis" diýip, Tramp ýazdy.

19-njy ýanwaryň gijesi TikTok ABŞ-da işlemegini bes etdi. Ulanyjylara programmanyň täze kanun sebäpli elýeterli däldigi barada bildiriş görkezildi. Şeýle-de bildirişde Trampyň “TikTok-y yzyna getirmegi” maksat edinýändigi hem bellenilip geçildi.


14.06.2026 15:10
1.2k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.3k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......