Instagram-da paýlaşylan suratlar we wideolar indi gönüburç bolup görner

  • 20.01.2025 16:50
  • 5.7k+

Instagram-da neşirleriň tertibi täze formatda, ýagny dörtburç şekile derek gönüburç görnüşde bolar. Täzelenme eýýämden girizildi diýip, sosial toruň ýolbaşçysy Adam Mosseri öz sahypasynda mälim etdi.

“Käbir adamlaryň dörtburç şekilleri diýseň halaýandygyňyzy bilýäs. Dörtburç suratlar Instagramyň özboluşly mirasydyr. Ýöne häzirki wagtda ýüklenen suratlaryň we wideolaryň aglabasy dik görnüşdedir. Olary gödek kesmek gynandyrýar” diýip, Mosseri düşündirdi.

Ol bu üýtgeşmäniň “az-owlak agyrylydygyny” kabul edýär, ýöne onuň tiz wagtda ýitip gitjekdigine ynanýar.

“Meniň pikirimçe, uzak geljekde adamlar suratlarynyň we wideolarynyň profillerinde meýilleşdirişleri ýaly görünýändigine we aşa köp gyrkylmandygyna begenerler” diýip, Mosseri aýtdy.

Instagram bu täzeligi 2024-nji ýylyň awgust aýynda synap başlady. Şol döwürde Mosseri, dörtburç şekilleriň Instagramyň başlangyç döwründen galandygyny, şol wagtlar ulanyjylaryň diňe 1:1 ölçegli suratlary ýükläp bilýändigini, bu çäklendirmäniň bolsa 2015-nji ýylda aýrylyp, ulanyjylara dürli ölçegdäki suratlary ýüklemek mümkinçiliginiň döredilendigini aýtdy.


09.05.2026 00:32
10k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

08.05.2026 11:11
3.3k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

05.05.2026 15:24
935

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....