Instagram dik wideolary redaktirlemek üçin “Edits” atly täze programmany hödürledi

  • 21.01.2025 23:35
  • 2.3k+

Meta kompaniýasy dik wideo redaktirlemek üçin, TikTok-yň “CapCut” programmasyna bäsdeş “Edits” atly täze programmany köpçülige hödürleýär. Instagram-yň ýolbaşçysy Adam Mosseri, Threads platformasyndaky resmi hasabyndan programmanyň iOS wersiýasynyň indiki aýda çykjakdygyny, Android üçin bolsa biraz soň taýýar boljakdygyny mälim etdi. App Store-da bolsa programmanyň işe giriziljek senesi 13-nji mart diýlip görkezilýär. Bu barada TechCrunch habar berýär.

Mosseri programmada döredijilik bilen bagly gurallaryň bardygyny, şol sanda ylham almak, pikir gözlemek üçin bölümleriň, meşhur aýdymlardan ybarat sanawlaryň we kameranyň boljakdygyny aýtdy. Mundan başga-da, Edits ulanyjylara taslamalary döretmek we olary dostlary ýa-da hyzmatdaşlary bilen paýlaşmak ýaly mümkinçilikleri hödürlär.
Bu programma bilen 10 minuda çenli wideolary düşürip bolýar, Instagram-a ýüklenjek wideolaryň hili bolsa 1080p bolar. Şeýle hem mazmun döredijiler programmada wideolarynyň statistikasyny we ulanyjylaryň gyzyklanma görkezijilerini görüp bilerler.
Instagram Edits-iň köpçülige hödürlenjekdigini, ABŞ-da TikTok we CapCut programmalarynyň wagtlaýyn petiklenen güni mälim etdi. Emma bu gadaganlyk bary-ýogy bir gün dowam etdi. ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp, TikTok-y gaýtadan açjakdygyny aýdandan soň, programma amerikan ulanyjylaryna ýene elýeterli boldy.


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.4k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....