Britaniýaly alymlar feýkleri 99% takyklyk bilen kesgitleýji guraly işläp taýýarlady

  • 22.01.2025 18:58
  • 3.8k+

Beýik Britaniýanyň Kil uniwersitetiniň alymlary galp habarlary anyklamak üçin “ansambl ses beriş” tehnikasyna esaslanýan guraly döretdi. Ulgam ygtybarly däl maglumaty 99% takyklyk bilen kesgitleýär. Bu oýlap tapyş internetde ygtybarsyz maglumatlaryň ýaýramagyna garşy göreşde esasy çözgüt bolup biler.

Taslamanyň netijeleri Kembrijde geçirilen emeli aň boýunça 44-nji Halkara maslahatynda hödürlendi.
Galp habarlar bilen göreşmegiň täze usuly birnäçe maşyn bilimi modeliniň çaklamalaryny birleşdirip, habar mazmunynyň ygtybarlylygyna dogry baha bermäge mümkinçilik berýär.
Bu guralyň işlenip taýýarlanmagyna kiberhowpsuzlyk mugallymy, doktor Uçenna Ani ýolbaşçylyk etdi.

“Häzirki hemişe üýtgäp durýan sanly aragatnaşyk şertlerinde nädogry maglumatlaryň giňden ýaýramagy çynlakaý alada döredýär. Bu hadysa jemgyýetçilik sözleýşiniň bitewiligini bozup, esassyz garaýyşlary we hereketleri döretmek arkaly ýerli hem milli howpsuzlyga zyýan ýetirip biler” – diýip, hünärmen belleýär.

Ylmy gözlegçiler ulgamy kämilleşdirip, emeli aň tehnologiýalarynyň ösmegini göz öňünde tutmak bilen, 100% takyklygy gazanmagy meýilleşdirýär.


düýn 23:53
1.3k+

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....

düýn 12:00
3.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......