Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

  • 26.12.2024 10:37
  • 14k+

25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň demirgazygynda “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurulýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna täze toplumyň binalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, enjamlaşdyrylyş aýratynlyklarynyň görnüşleri baradaky şekil taslamalary görkezildi. Olar barada saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow we sebitde iň iri Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesow hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň üstüni ýetirjek bu merkezde halkara ölçeglere laýyk gelýän ýöriteleşdirilen lukmançylyk hyzmatlary hödürlener. Ol dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediler. Şeýle hem 500 orunlyk ylmy-kliniki merkezde lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmagyň howpsuzlyk derejesine möhüm ähmiýet berler. Bu ýerde onkologiýa keselleriniň döwrebap bejergilerini geçirmek üçin ýöriteleşdirilen anyklaýyş, bejeriş we saglygy dikeldiş bölümlerini döretmek göz öňünde tutulýar.
Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň enjamlaşdyrylyşyna wajyp ähmiýet berilmelidigini belläp, alym Arkadagymyz bu babatda Atom energiýasy boýunça halkara agentlik (MAGATE) bilen saglygy goraýyş, hususan-da, atom lukmançylygy babatda degişli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigine we agentligiň wekilleri bilen maslahatlaryň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi täze merkeziň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň howpsuzlygyny üpjün etmekde aýratyn möhümdir. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri bina edilýän merkeziň enjamlaşdyrylmagyna şu günüň we geljegiň nukdaýnazaryndan garamalydygyny nygtap, bu ugurda kesgitlenen wezipeleriň talabalaýyk, ýokary derejede ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn esasda hem-de örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýdyp, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Bellenilişi ýaly, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde lukmançylyk hyzmatlaryny dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly amala aşyrmak, onkolog lukmanlaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmak, kliniki ordinatorlary, ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça okuwlary guramak häzirki döwrüň möhüm wezipeleri hökmünde kesgitlenendir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda bolşy ýaly, merkezi enjamlaşdyrmak işlerinde-de Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň bilermenleri bilen degişli maslahat çäreleriniň geçirilmelidigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda baý tejribesi bolan düzümler bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigine ünsi çekdi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedowyň we Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda häzirki döwürde alnyp barylýan işler, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak, täze merkeziň gurluşygynyň depginlerini artdyrmak we onuň enjamlaşdyrylyşyna häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede çemeleşmek boýunça taýýarlanan maksatnama barada hasabat berildi.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......