Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleriniň barşy boýunça iş maslahatyny geçirdi

  • 16.12.2024 23:39
  • 6.9k+

16-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere garaldy  diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Maslahatyň barşynda wise-premýer we welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.
Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin meýdanlarda sürüm hem-de mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär.  
Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak hem-de bu möwsümi öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary hilli we guramaçylykly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegiň, hususan-da, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegine üns berilmeginiň zerurdygyny belledi.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow geljek ýylyň hasyly üçin oba hojalyk ekinleriniň düýbüni tutmak işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.  


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......