BMG Türkmenistanyň başlangyjy bilen ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda Kararnama kabul etdi

  • 07.12.2024 09:07
  • 3.2k+

2-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan bu hoş habary wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow anna güni Hökümet mejlisinde habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.
Däp bolan hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan ählumumy parahatçylygy hem-de ynanyşmagy üpjün etmek, dürli ulgamlarda halkara tagallalary işjeňleşdirmek boýunça möhüm teklipleri öňe sürýär. Baş Assambleýanyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen degişli Kararnamalary kabul etmegi bu teklipleriň möhümdiginiň we dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanyny bu daşary syýasy ýeňiş bilen Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady diýip, TDH habar berýär.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......