Türkmenistan buzluklary goramak boýunça halkara başlangyçlara gatnaşmaga taýýar - Gurbanguly Berdimuhamedow

  • 06.12.2024 17:29
  • 7.8k+

Türkmenistan buzluklara gözegçilik etmek, olary barlamak we goramak boýunça halkara başlangyçlara gatnaşmaga taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Er-Riýad şäherinde geçirilen «Bitewi suw» sammitinde eden çykyşynda belledi.

Sammit Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow howanyň üýtgemeginiň suw bilen bagly ýagdaýlara ýetirýän täsirine ünsi çekip, howanyň gyzgynlygynyň ýokarlanmagynyň, buzluklaryň azalmagynyň we ygalyň düzgüniniň üýtgemeginiň diňe bir bu ýagdaýlara uýgunlaşmagy däl-de, eýsem, bilelikde gyssagly çäreleri görmegi hem talap edýändigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri buzluklaryň Türkmenistandan uzakda ýerleşýändigine garamazdan, olaryň ýurdumyz üçin ägirt uly ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekip, buzluklaryň sebitde ýaşaýşyň, oba hojalygyny, ekoulgamyň esasy serişdesi bolan Amyderýa ýaly derýalaryň tebigy çeşmeleri bolup durýandygyny aýtdy. Hormatly Arkadagymyz diňe häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly buzluklary gorap saklamagyň mümkindigine ynanýandygyny belläp, Türkmenistanyň buzluklara gözegçilik etmek, olary barlamak we goramak, şol sanda howanyň durnuklylygyny saklamak boýunça çözgütleri amala aşyrmak baradaky halkara başlangyçlara gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň esasy düzgünlerini iş ýüzünde ýerine ýetirmäge uly üns berýär. Şolaryň hatarynda altynjy maksady, ýagny arassa suwa deň elýeterliligi üpjün etmegi biz milli taýdan ileri tutulýan wezipe diýip hasap edýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzda bu maksady durmuşa geçirmek üçin täze suw desgalaryny gurmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen ulgamlary ösdürmek işleriniň yzygiderli esasda alnyp barylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, halkara standartlar we iň gowy tejribeler esasynda gidrotehniki desgalaryň işlemegi üçin birnäçe ýörite maksatnamalaryň kabul edilendigine üns çekildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Amyderýanyň suwuny rejeli peýdalanmak meselesine Türkmenistanyň milli we sebit ösüşi üçin örän möhüm wezipe hökmünde garaýandygyny aýratyn belläp, ýurdumyzda suw ýitgilerini azaltmak üçin suwaryşyň häzirki zaman usullarynyň, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny hem-de beýleki zerur çäreleriň geçirilýändigini aýtdy.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......