Saturnyň hemrasyna ugradyljak Dragonfly missiýasy SpaceX raketasynda uçurylar

  • 28.11.2024 11:17
  • 3.6k+

ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary müdirligi (NASA) Dragonfly (“Teneçir”) apparatyny uçurmak üçin SpaceX kompaniýasy bilen 257 million dollarlyk şertnama baglaşdy. Missiýanyň çäklerinde Saturnyň hemrasy  Titanyň ýaşaýyşa ýaramlylygyny anyklamak üçin barlag geçiriler.

Aşa agyr Falcon Heavy göteriji raketada uçurmaklyk 2028-nji ýylyň iýul aýyna meýilleşdirilýär.
450 kg-lyk wint ganatly dron bolan Dragonfly 2034-nji ýylda Titana barar. Onuň wezipeleri hemranyň atmosferasyny, topografiýasyny we uglewodorod suw howdanlaryny öwrenmek, şeýle hem çylşyrymly organiki molekulalary gözlemekden ybarat. Çen bilen düşmeli ýeri - uglewodorod bölejiklerinden ybarat çukurlary bolan Şangri-La sebitidir.
Missiýa NASA-nyň New Frontiers (“Täze sepgitler”) maksatnamasynyň bir bölegi bolar. Taslamanyň umumy býujeti, enjamyň tehniki taýdan gowulaşdyrylmagy we pandemiýa bilen bagly gijä galmagy sebäpli, 3,35 milliard dollar diýlip hasaplanylýar.
Titan Ýeriň irki döwrüne meňzeşligi sebäpli alymlary gyzyklandyrýar. Hemranyň dykyz atmosferasy we suwuk uglewodorod kölleri bar. Alymlar Dragonfly-yň ýaşaýyşyň döremeginden öňki proseslere düşünmäge kömek eder diýip umyt edýärler.
Bu Ýewropa kosmos gullugynyň 2005-nji ýylda hemranyň üstüne üstünlikli gonan Gýugens zondundan soň, Titana baran ikinji apparat bolar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....