III türkmen-hytaý forumynda innowasiýalary önümçilige ornaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy

  • 27.11.2024 18:06
  • 2.1k+

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işine başlady.

TDH-nyň habar berşi ýaly, bu möhüm çärä gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary hanym Lin Sin, şeýle-de dostlukly ýurduň ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylaryndan, ylmy işgärlerinden, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybarat wekiliýet Aşgabada geldi.
Öňküsi gün hytaý wekiliýetiniň agzalary Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň ikinji mejlisine gatnaşdylar. Onuň dowamynda bilelikde alnyp barlan işleriň netijeleri, iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň öňüsyrasynda innowasion tehnologiýalaryň sergisi guraldy.

Türkmen we hytaý alymlarynyň arasynda özara gatnaşyklary ýola goýmak, ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde geljekki bilelikdäki ylmy işler üçin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ylmy we tehnologik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, işgärleri taýýarlamak, ylmy-tehnologik innowasiýalar pudagynda gazanylan üstünlikleri baýlaşdyrmak döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ylmy-barlag institutlary we ýokary okuw mekdepleri ylmy alyşmalary ösdürýär hem-de Hytaýyň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlygyň taslamalarynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýar. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga, iki ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam edýär. Forumyň wekilleri şähergurluşyk ulgamynda innowasion konsepsiýalar baradaky çykyşlara aýratyn gyzyklanma bildirdiler.


27-nji noýabrda forumyň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklar we “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň birnäçesi geçirildi. Olarda ylmy edaralaryň hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Himiki tehnologiýalar, tebigy çig mallary gaýtadan işlemekde innowasion tehnologiýalar”, “Nanotehnologiýalar, täze materiallary işläp taýýarlamak we öndürmek”, “Biotehnologiýalar, oba hojalygynda innowasion tehnologiýalar”, “Seýsmologiýa”, “Maglumat we telekommunikasiýa ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary”, “Energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri”, “Lukmançylykda we farmakologiýada ýokary tehnologiýalar”, “Ynsanperwer ylymlar” ýaly mowzuklar boýunça pikir alşyldy. Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....