Aşgabatda III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işine başlady

  • 26.11.2024 11:57
  • 2.6k+

Şu gün Aşgabatda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy açyldy. Forum iki ýurduň ylmy hem işewür jemgyýetleriniň wekillerini jemledi. Türkmenistanyň Prezidenti foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

"Häzirki wagtda ylmyň çalt depginler bilen ösmegi täze innowasion ugurlaryň ýüze çykmagyna, ylmy barlaglaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine mümkinçilik berýär" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

"Hytaý Halk Respublikasy depginli ösýän, ylym hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet, bilim-ylym, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, şol sanda has öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak babatda netijeli hyzmatdaşlyk türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komiteti hem hereket edýär" diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

"Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirýäris. Bularyň ählisi Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berip, özara baglanyşykly önümçilik we tehnologik tapgyrlary, innowasion senagat gurşawlaryny kemala getirmek bilen, köp sanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir" diýip, döwlet Baştutany nygtaýar.

«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy iki günläp dowam eder. Forumyň gün tertibine ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige işjeň ornaşdyrmak, halkara ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meseleler giriziler.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......