Aşgabatda himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalaryň geljegi maslahatlaşyldy

  • 17.11.2024 20:42
  • 2.9k+

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berdi.

Maslahata dünýäniň 18 döwletinden, şol sanda Russiýadan, Hytaýdan, Germaniýadan we Beýik Britaniýadan 34 ýokary okuw mekdebiniň wekilleri gatnaşdylar. Petronas Charigali, Dragon Oil, CNPC we beýleki iri kompaniýalaryň wekilleri hem maslahata gatnaşdylar.
Maslahaty HNGU-nyň rektory B.Atamanow açdy. Maslahatyň gün tertibine umumy mejlis we himiýa senagatyna, gazhimiýadaky innowasiýalara we pudagyň ekologiýa meselelerine bagyşlanan üç sany mowzuklaýyn sessiýa girdi. 90-dan gowrak ylmy çykyşlar diňlenildi.
Maslahata gatnaşyjylar innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaklygy, prosesleri sanlylaşdyrmaklygy we gazhimiýa senagatynyň ykdysadyýetiň ösüşine täsirini maslahatlaşdylar.


şu gün 10:53
899

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....