Duşak, Bamy, Jebel we Baýramaly demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalary gurlar

  • 16.11.2024 09:29
  • 20k+

Ahal welaýatynda Duşak we Bamy, Balkan welaýatynda Jebel, Mary welaýatynda Baýramaly demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalary gurlar. Anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bu teklibi goldap, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamyny ösdürmek, hususan-da, demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň etraplarynyň we şäherleriniň birnäçesinde demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak göz öňünde tutulýar we häzirki wagtda bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......