Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy

  • 29.10.2024 00:05
  • 10k+

28-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işlere, şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýlip, "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarynda  bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işlerde ulanylýan kombaýnlar hem-de awtoulaglar doly güýjünde we netijeli işledilýär.  
Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak hem-de gögeriş alnan meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek  işleri geçirilýär. 
Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda  ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek hem-de talabalaýyk saklamak boýunça işler dowam etdirilýär. Mary welaýatynda   gant şugundyry ekilen meýdanlarda soňky ideg etmek işleri tamamlanyp, häzirki wagtda  hasyly ýygnap almak işlerine girişildi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzir ýurdumyzyň oba hojalygynda örän jogapkärli döwür bolan pagta ýygymy möwsüminiň dowam edýändigini, şoňa görä-de, pagta ýygymynyň depginini has-da güýçlendirmegiň, pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur bolan ähli işleri talabalaýyk geçirmegiň möhümdigini belledi we şunuň bilen baglylykda, welaýatlarda ýygymda kombaýnlaryň we tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, pagta kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde we netijeli işledilmegini üpjün etmegi, şu işleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany welaýatlarda hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen 2024-nji ýylyň pagta hasyly hem-de 2025-nji ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......