Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 21.10.2024 23:01
  • 11k+

21-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa wise-premýer T.Atahallyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, şu günler  ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda  ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarynda  bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek boýunça işler dowam edýär.
Bu işler bilen bir hatarda, Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda  ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak işleri, Mary welaýatynda bolsa,  gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almaga taýýarlyk işleri  alnyp barylýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bu işleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutany welaýatlarda hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda we talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Serdar Berdimuhamedow gyş paslynyň hem golaýlap gelýändigine ünsi çekip, welaýatlardaky bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.


düýn 11:41
3.3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......