Gurbanguly Berdimuhamedow Sadyr Žaparow bilen duşuşdy

  • 12.10.2024 12:58
  • 8.9k+

11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

Prezident Sadyr Žaparow möhüm ähmiýetli foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysyny Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat berdi. Bellenilişi ýaly, bu kitabyň çapdan çykmagy doganlyk ýurduň medeni durmuşynda möhüm waka boldy.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde birek-biregi özara goldap, netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Söwda dolanyşygynyň möçberini has-da artdyrmak üçin uly mümkinçilikler bolan söwda-ykdysady ulgam türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara toparyň işine uly ähmiýet berilýär. Bu toparyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň iýulynda geçirildi. Energetika we ulag ýaly strategik ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge-de uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygy pudagynda, senagat toplumynda, hususy ugur boýunça türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygy üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.


düýn 19:38
4.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......