Türkmenistanyň üç welaýatynda onkologiýa hassahanalaryny gurmak hakynda Karara gol çekildi

  • 05.10.2024 12:17
  • 23k+

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan ýurdumyzyň welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Yslam ösüş banky we Saud ösüş gaznasy bilen degişli ylalaşyklary baglaşar. Munuň üçin ygtyýar berýän degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Yslam ösüş banky Balkan we Lebap welaýatlarynyň hersinde bir sany 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirer. Saud ösüş gaznasy Mary welaýatynda 200 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirer. Döwlet daşary ykdysady iş banky degişli ylalaşygy baglaşar hem-de onuň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrar.


09.06.2026 23:14
5.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....