Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň ýolbaşçylaryny ýurduň jar edilen güni bilen gutladylar

  • 01.10.2024 11:53
  • 10k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana hem-de ýurduň dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli gutlaglaryny iberdiler. Gutlaglar resmi metbugatda çap edildi.

Döwlet Baştutany gutlagynda Hytaý Halk Respublikasynyň häzirki döwürde öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen durmuşyň ähli ugurlarynda ynamly öňe barýandygyny, bu şanly baýramy durmuş-ykdysady ösüşdäki, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdaky, halkara giňişlikde abraýyny berkitmekdäki uly üstünlikler bilen garşylaýandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky uzak möhletleýin we strategik häsiýetli gatnaşyklaryň düýpli işjeňleşdirilendigini, täze mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny nygtap, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň umumy bähbitler üçin mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri öz hatynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen wagtyň synagyndan geçen dostluga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýändigini, döwletara dialoga mahsus bolan birek-birege ynanyşmagyň, açyklygyň ýokary derejesiniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp şertidigini belledi. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny beýan etdi.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......