Raşid Meredow Nýu-Ýorkda Serbiýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

  • 28.09.2024 15:05
  • 7.6k+

26-njy sentýabrda Nýu-Ýork şäherine iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Serbiýanyň daşary işler ministri Marko Juriç bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge we hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmäge ýurtlaryň özara ygrarlydygyny beýan etdiler. Türkmenistan bilen Serbiýanyň bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmasy tassyklanyldy.
Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar we ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň tertipnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......