Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

  • 27.09.2024 16:42
  • 7.1k+

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň Baş direktorynyň ogullary — kompaniýanyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig, şeýle hem «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andre bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Işewürler özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdiler hem-de öz atlaryndan we Marten Buigiň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen gutladylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny, tejribesini peýdalanmak, ekologik kadalary berjaý etmek üçin daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri fransiýaly hyzmatdaşlary Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygyna we olaryň enjamlaşdyrylyşyna gatnaşmaga çagyrdy.
Işewürler ak mermerli Aşgabatda “Oguzkent” myhmanhanasynyň gurluşygynda Türkmenistanda işlemegiň oňyn tejribesini toplandyklaryny aýratyn buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle-de milli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň gurluşyk kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli taslamalary amala aşyrmakda “Buig” kompaniýasy bilen oňyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy bellenildi.
Türkmenistan hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr hem-de “Buig” ýaly iri kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, bu kompaniýanyň şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça tekliplerini öwrenmäge taýýardyr diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we ýurdumyzda netijeli iş alyp barýandyklary üçin işewürlere ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de olara mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......