Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy bilen gutlady

  • 27.09.2024 14:16
  • 17k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Halk Maslahatynyň adyndan gutlady.

"Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köpasyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge mümkinçilik berdi. Pederlerimiziň ýürek arzuwy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň miwelerini görmek ähli halkymyz üçin bagtyýarlykdan nyşandyr. Taryh üçin gysga döwürde ösüşiň belent sepgitlerine ýeten Türkmenistanda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwlary hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, toplumlaýyn işler garaşsyz ösüşimiziň taryhy sene ýazgysyna aýratyn many-mazmun, öwüşgin berýär" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
"Siziň baştutanlygyňyzda täze taryhy döwürde geljekki ösüşlerimiziň kepili bolan döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», beýleki milli we döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmakda halkymyz el-ele berip, hormatly Prezidentimiz, Siziň daşyňyza jebisleşip, belent maksatlary nazarlap, ynamly öňe barýar" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtaýar. 


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....