Täjigistanly türkmenleriň jemgyýeti Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi

  • 16.09.2024 14:30
  • 6.5k+

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümi bolan Täjigistanly türkmenleriň jemgyýetiniň ýolbaşçysy M.Gaýypnazarow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk hatyny iberdi.

Hatda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň binasyny gurduryp berendigi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna Täjigistanda ýaşaýan türkmenleriň adyndan hoşallyk bildirilýär.

"Täze okuw ýylynda 1-nji synpa gadam basan okuwçylara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan noutbuk kompýuterleriniň gowşurylmagy, mekdebe ýörite awtobusyň sowgat berilmegi bizde ýokary watançylyk duýgusyny döredip, ata Watanymyz Türkmenistana bolan buýsanjymyzy has-da belende göterdi" diýlip, resmi metbugatda çap edilen hatda aýdylýar.

Hatda Täjigistanda ýaşaýan türkmenler Türkmenistanyň Prezidentini, Halk Maslahatynyň Başlygyny, türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen gutlaýarlar.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......