NASA 10-njy oktýabrda Ýupitere iň uly kosmos enjamyny uçurar. Ol 6 ýyldan barmaly ýerine barar

  • 14.09.2024 14:18
  • 9.2k+

NASA Europa Clipper kosmos enjamynyň Ýupiteriň hemrasy - Ýewropanyň ýanyna uçurylmagyny tassyklady diýip, Space portaly habar berýär.

SpaceX Falcon Heavy raketasynyň uçuşy 10-njy oktýabra meýilleşdirilendir.
Enjam radiasiýa garşy durnuklylyk synagyndan üstünlikli geçdi.
Europa Clipper Ýewropanyň ýerasty ummanyny öwrenmek we ýaşaýyş üçin laýyklygyny bahalandyrmak üçin döredildi.
Ozal gyssagly synaglara sebäp bolan enjamyň tranzistorlarynyň ygtybarlylygyna şübhe döreýärdi. Taslamanyň ýolbaşçysy Jordan Ewansyň pikiriçe, Ýewropanyň gabadyndan 49 aýlaw wagtynda tranzistorlar peselip bilerler, ýöne olaryň her ýakynlaşmanyň arasynda üç hepdäniň içinde dikelmegine garaşylýar.
Bu missiýanyň Ýupitere ýetmegi üçin alty ýyl gerek bolar. Europa Clipper 25 km çenli uzaklykda Ýewropanyň gabadyndan onlarça uçuşy amala aşyryp, planetanyň daşyndan aýlanar.
Europa Clipper NASA tarapyndan beýleki planetalary öwrenmek üçin gurlan iň uly kosmos enjamy bolar. Gün panellerini goşmak bilen onuň ululygy takmynan 30 m, agramy bolsa 6000 kg.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....