Hytaýyň “Çane-6” zondy Gün-Ýer ulgamynyň ikinji Lagranž nokadyna ýetdi

  • 12.09.2024 12:25
  • 3.9k+

Ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndan Ýere nusgalary iberen Hytaýyň “Çane-6” missiýasynyň orbital apparaty Gün-Ýer ulgamynyň ikinji Lagranž nokadyna (L2) ýetdi.

Nusgalary Ýere iberenden soň, orbital apparat planetamyzyň atmosferasyna gaýtadan girmezlik üçin hereketlendirijilerini işletdi we täze traýektoriýa boýunça ugrady. Space News neşiriniň berýän habaryna görä, bu sapar Hytaýyň geljekki kosmos missiýalaryny taýýarlamakda, meselem, 2028-nji ýylda ekzoplanetalary gözlemek üçin meýilleşdirilýän “Ýer 2.0” obserwatoriýasyny işe girizmekde möhüm rol oýnap biler.
Lagranž L2 nokady Ýerden iň az päsgelçilik bilen kosmos çuňlugyna yzygiderli gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän durnukly gözegçilik şertlerini üpjün edýär. “Jeýms Uebb” teleskopy hem şol sebiti ulanýar.
“Çane 6” kamera gözegçiliklerini geçirer we ýerüsti stansiýalar bilen aragatnaşyk saklar diýlip garaşylýar. Apparatyň soňra ýerini üýtgetmek meselesi açyklygyna galýar we esasy, möhleti uzaldylan tabşyryklardan soň galjak ýangyjyň mukdaryna baglydyr.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....