Aşgabatda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň bäsleşikli söwdalary yglan edildi

  • 22.08.2024 11:40
  • 8.3k+

Aşgabatda 2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda www.e.fineconomic.gov.tm/ sanly platformanyň we bu platformanyň mobil goşundysynyň üsti bilen döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalar geçiriler. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 44 sany desgany satmak boýunça bäsleşikli söwdalary yglan etdi.
Administratiw desgalaryň başlangyç bahasy 45 968 148 manat.
Bäsleşikli söwdalara gatnaşmagyň tertibi hakynda maslahatlary hem-de hususylaşdyryljak desgalar baradaky goşmaça maglumatlary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölüminde hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň maliýe we ykdysadyýet müdirlikleriniň ugurdaş bölümlerinden alyp bolar.

Satuwa çykaryljak desgalaryň hatarynda şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki dükanlar, kafeler, naharhanalar, dolandyryş binalary we önümçilik desgalary bar.
Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary döwletleriň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk edara görnüşli taraplary çagyrylýar.
Auksiona gatnaşyjylaryň hemmesine öňünden hususylaşdyryljak emläk baradaky maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berilýär. Döwlet eýeçiligindäki emläkleriň satuwy ähli borçnamalar bilen amala aşyrylýar.
Söwdalara gatnaşmak üçin arzalar 11-nji sentýabra çenli kabul ediler. Bäsleşige gatnaşyjylary hasaba almaklyk 12-nji sentýabrda 9:00-da başlanar. Goşmaça maglumaty Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginden alyp bilersiňiz.
Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil ş., 156.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

  • Aşgabat: (+993 12) 92-12-97/92-11-34, 39-46-63/73/69
  • Änew: (+993 137) 3-30-21/3-31-80
  • Balkanabat: (+993 222) 7-89-34/7-89-17/7-89-53
  • Daşoguz: (+993 322) 9-10-19/9-15-10
  • Türkmenabat: (+993 422) 6-11-52/6-11-59
  • Mary: (+993 522) 6-06-87/6-05-41

düýn 10:10
2.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......