Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary başlandy

  • 01.08.2024 21:29
  • 8.8k+

31-nji iýulda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça okuwa girjek dalaşgärler üçin giriş synaglary başlandy.

28-nji iýulda kabul ediş möwsüminiň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň hataryna goşulmak isleýänlerden resminamalary kabul etmek tamamlandy.
Aşgabatdan, Arkadag şäherinden hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan bolan dalaşgärler üçin giriş synaglary ýörite bellenilen senelerde geçirilýär we awgustyň üçünji on günlüginde tamamlanar. Giriş synaglaryny kabul etmek göniden-göni Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda kabul ediş möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçýär. Ýerlerde Döwlet topary işläp, ýokary okuw mekdeplere kabul etmegiň guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylygy amala aşyrýar hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini üpjün edýär.
"Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar berşi ýaly, 
şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde olaryň hödürleýän hünärleriniň sanawy täzelendi. Öňümizdäki 2024-2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýedisinde taýýarlygyň hünärmen, bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça täze ugurlaryň 12-si girizildi.
Täze okuw ýylynda 15 müň 926 talyby kabul etmek meýilleşdirilýär, bu bolsa geçen ýylkydan 303 sany köpdür. Talyplaryň 15 müň 303-si hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça, ýene-de 623 adam magistr maksatnamasy boýunça kabul edilerler.


23.06.2026 18:58
2.6k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......