Ahal we Lebap welaýaty bugdaý hasylyny tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdi

  • 11.07.2024 07:51
  • 10k+

Türkmenistanyň ýene-de iki welaýatynyň — Ahal hem-de Lebap welaýatlarynyň gallaçylary, degişlilikde, 400 müň we 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Edermen gallaçylar Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda edýän tagallalary, daýhanlaryň netijeli zähmet çekmekleri babatda döredilýän şertler üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, oba zähmetkeşleri tehniki enjamlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar hem-de himiki serişdeler bilen üpjün edilýär.
Ozal habar berlişi ýaly, ýurdumyzda ilkinji bolup Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary öz şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......