Balkan we Daşoguz galla oragy boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler

  • 09.07.2024 06:30
  • 10k+

Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň daýhanlary Watan harmanyna bugdaýyň bereketli hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu barada welaýat häkimleri 8-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedowa sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda hasabat berdiler.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow we Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow bu hoş habary aýdyp, döwlet Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Liderine oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsi üçin sebitiň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdiler.
Häkimler şeýle hem ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy baradaky hasabatlaryny berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýygnalan hasyly elewatorlara we ammarlara daşamak, ýerleşdirmek, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek boýunça degişli işler dowam edýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, geljek ýylyň hasyly üçin ýokary hilli tohum taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär.
Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň hasabatyna görä, welaýatyň gallaçy daýhanlary şu ýyl Watan harmanyna 270 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar.
Serdar Berdimuhamedow Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň edermen gallaçylaryny bu gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlady.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......