Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy

  • 05.07.2024 08:31
  • 5.7k+

4-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň giň meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň barşynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan mümkinçilikleri we geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary anyklaşdyryldy. 
Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli we netijeli gatnaşyk edýärler, birek-birege özara goldaw berýärler. Türkmenistan we Gazagystan Respublikasy sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini görkezýärler. Munuň özi, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge degişlidir.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......