Alymlar emeli aňa itiň diline düşünmegi öwretdiler. Çat-bot itiň üýrmesine düşünýär

  • 29.06.2024 14:50
  • 6.9k+

ABŞ-nyň Miçigan uniwersitetiniň we Meksikanyň Puebla şäherindäki Astrofizika, optika we elektronika milli institutynyň alymlary itleriň üýrmesine düşünip bilýän emeli aň (AI) ulgamyny döretdiler.

Ilkibaşda adam dilini seljermek üçin döredilen Wav2Vec2 modelini ulanyp, barlagçylar AI-ni itiň dürli hili - gaharly, oýun edip we gorkudan ýaňa üýrmelerini tanamagy öwretdiler.
“Itiň diline” has gowy düşünmek üçin hünärmenler Tepikde we Puebl-de 74 itiň üýrüşini öwrendiler. Ýaşy bäş aýdan 84 aýa çenli aralykdaky - ortaça 35 aýlyk bolan şol itler, esasan, çihuahua, fransuz pudeli we şnauserlerdi. Ýazgylar, itleriň hakyky seslerini almak üçin, tebigy öý şertlerinde edildi. Öý haýwanlarynyň dürli görnüşli sesleri çykarmagy üçin ýörite dürli gyjyndyrmalary döretdiler. Bu gyjyndyrmalaryň içinde ýanynda nätanyş adamyň bolmagy, oýun etmek, mähirli sözleri aýtmak we hatda eýesine hüjüm edenden bolmak ýaly ýagdaýlar bardy.
Hasaplama lingwistikasy, dil çeşmeleri we baha bermek boýunça bilelikdäki halkara konferensiýada hödürlenen barlagyň netijesi AI-niň diňe bir üýrmäniň görnüşlerini tapawutlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem sesine görä itiň tohumyny, ýaşyny we hatda jynsyny hem kesgitläp biljekdigini görkezdi.
Bu ösüş adamlar bilen haýwanlaryň arasynda aragatnaşygyň täze mümkinçiliklerini açýar. Geljekde bu itlere düşünip we olaryň üýrmelerine jogap berip bilýän çat-botlaryň ösdürilmegine sebäp bolup biler. Mundan başga-da, barlag haýwanlaryň zerurlyklaryna we duýgularyna has gowy düşünmek arkaly, olaryň hal-ýagdaýyny gowulaşdyrmaga mümkinçilik berip biler.
Şeýle-de bolsa, barlagçylar netijeleriň tassyk bolmagy üçin it tohumlarynyň has giň sanawyny we has köp dürli görnüşlerini ulanmak bilen, goşmaça barlaglaryň  geçirilmeginiň zerurdygyny bellediler.


düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......