Älemdäki kuwwatly partlamalaryň gözlegi üçin SVOM kosmos teleskopy uçuryldy

  • 24.06.2024 13:18
  • 3.9k+

Hytaý Fransiýa bilen bilelikde işlenip düzülen SVOM teleskop hemrasyny orbita üstünlikli uçurdy. Uçuryş Siçan kosmodromyndan CZ-2C “Çançžen-2-si” raketasynyň kömegi bilen amala aşyryldy diýip, TASS habar berýär. 

Agramy 930 kg bolan SVOM ýyldyz partlamalarynda ýüze çykýan gamma şöhlelerini öwrenmek üçin niýetlenen rentgen teleskopydyr. Taslama Hytaýyň Milli kosmos edarasy bilen Fransiýanyň Milli kosmos gözlegleri merkeziniň bilelikdäki başlangyjydyr.
SVOM-yň kömegi bilen alymlar Älemiň has uzakdaky geçmişini, şol sanda Uly partlamadan soňky ilkinji milliardlarça ýyllygy öwrenip bilerler. Şeýle-de, taslama kosmos pudagynda halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berer.
SVOM tarapyndan öwrenilýän gamma serpikmeleri Älemde bary-ýogy birnäçe sekunt dowamlylykdaky iň kuwwatly partlamalardyr. Teleskop bu wakalary synlamaga we olaryň ýolundaky gaz obýektleri barada maglumat ýygnamaga mümkinçilik berer.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....