Ýapon alymlary haýsy balyklaryň ömrüňi uzaldýandygyny anykladylar

  • 20.06.2024 14:16
  • 17k+

Ýaponiýanyň Nagoýa uniwersitetiniň barlagçylary ownuk balyklary kellesi, süňkleri, iç-goşy bilen bilelikde yzygiderli iýmegiň ömrüň dowamlylygyny uzaldyp biljekdigini anykladylar.

Barlaga 35 ýaşdan 69 ýaş aralygyndaky 80 802 adam gatnaşdy. 9 ýyllyk gözegçiligiň dowamynda alymlar ölüm ýagdaýyny hasaba aldylar we synaga gatnaşyjylaryň iýýän iýmitlerini derňediler.
Gözlegiň netijeleri Public Health Nutrition žurnalynda çap edildi. Netijede, aýda 1-3 gezek, hepdede 1-2 gezek ýa-da hepdede 3 ýa-da ondan hem köp gezek ownuk balyk iýen aýal-gyzlaryň, ownuk balyklary seýrek iýýänler bilen deňeşdirilende, ölüm howpy 31-36%, rak keselinden ölmek töwekgelçiligi 28-36% pesdir.
Alymlar ownuk balyklaryň peýdasyny kalsiý we A witamini ýaly mikroelementlere baýdygy, olarda çişlere garşy we antioksidant täsirleri bolan omega-3 ýag kislotalarynyň köpdügi bilen baglanyşdyrýarlar.
Barlagyň dowamynda ownuk balyklary yzygiderli iýýän erkekler ölüm howpunyň peselmek tendensiýasyny görkezseler-de, bu statistik taýdan beýle bir ähmiýetli däldi. Indi barlagçylar bu deňsizlige nämäniň sebäp bolýandygyny anyklamaga synanyşýarlar.
Netijeleri tassyklamak üçin beýleki ýurtlarda hem goşmaça barlaglary geçirek  zerurdyr.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......