Pompeýlerde arheologlar dini artefaktly otag tapdylar

  • 18.06.2024 14:48
  • 12k+

Pompeýleriň merkezi bölegini eýeleýän IX bölekde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar sakrarium - mukaddes zatlaryň saklanýan öý altary hasaplanýan bir otagy tapdylar diýip, Naked Science ýazýar.

Otag gök reňkde bolup, diwarlarynda pasyllaryň taňrylaryny aňladýan zenanlaryň  suratlary şekillendirilipdir.
Otagdan tapylan artefaktlaryň arasynda amfora, bürünç gap-gaçlar we ustrisanyň gabyklary bar. Alymlar otagyň dini däp-dessurlary geçirmek üçin ulanylandygyny öňe sürýärler.

Soňky döwürler arheologlar Pompeýlerde köp sanly täze açyşlaryň üstünden barýarlar. Ýakynda b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiýanyň atylmagy netijesinde weýran bolan şäherde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda barlagçylar Troýa urşy barada gürrüň berýän freskli banket zalyny, şeýle hem çagalaryň eli bilen çekilen, gladiatorlaryň söweşlerini beýan edýän suratly otagyny tapdylar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....