Pompeýlerde gladiatorlaryň çaga eli bilen çekilen suratlary tapyldy

  • 31.05.2024 15:59
  • 10k+

Pompeýlerde arheologlar b.e.öňki 79-njy ýylda meşhur gadymy Rim şäheri Wezuwiýanyň külüniň astynda galmazdan ozal çagalar tarapyndan çekilen diwar suratlaryny tapdylar. Tapyndy hakda The Guardian neşiri ýazýar.

Kömür bilen çekilen suratlar ýaňy-ýakynda üsti açylan Casa del Secondo Cenacolo Colonnato (Ikinji Syrly agşam naharynyň berlen sütünli öýi) howlusynyň harabalyklarynyň arasyndan tapyldy.
Suratlarda biri-birine seredýän iki gladiator şekillendirilipdir, gapdalynda wenitio- aw oýunlary sahnasy, şeýle hem uzyn naýza bilen ýaraglanan iki söweşiji bar. Olar bir jübüt ýabany doňuz bilen söweşjek bolýana meňzeýär. Sagda ýyrtyjy guşuň kellesi, megerem bürgüt bolsa gerek.
Suratlaryň arasynda çagalaryň elleriniň kömürde çyzylan sudurlary bar. Elleriň ölçeginden çen tutsaň, suratlaryň 5-7 ýaş aralygyndaky çagalar tarapyndan döredilendigini çaklamak bolar.

Suratlar poluň derejesinden takmynan 1,5 metr ýokarda, gullukçylaryň howlusynyň golaýyndaky däliziň diwarlarynyň birinde tapyldy. Çagalar, megerem, gurluşyk agaçlarynyň üstüne çykan bolsalar gerek.
Alymlaryň pikiriçe, bu egrem-bugram çyzgylar gadymy rimlileriň pikirleniş usulyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berýär. Gadymy rim çagalary ganly çaknyşyklara tomaşa etmek üçin amfiteatrlara baryp gören bolsalar gerek.
Arheologlar başga-da artefaktlary, şol sanda freskli banket zalyny we wulkanyň iki pidasynyň jesedini tapdylar.


07.06.2026 17:05
8.6k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.4k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

04.06.2026 18:42
5.5k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

03.06.2026 19:11
3.3k+

Barlag: Çalşykly iş beýni sebitleriniň ikisiniň göwrümini kiçeldýär

Gijeki iş we üýtgeýän iş tertibi köpden bäri beden üçin çynlakaý kyn synag hökmünde ykrar edilip gelinýär. Sirkada ritminiň bozulmalary, dowamly ukusyzlyk, stress we ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiliginiň......