Pompeýdäki kül gatlagynyň aşagyndan Troýa urşy barada freskaly banket zaly tapyldy

  • 15.04.2024 06:26
  • 19k+

Naked Science-iň habar bermegine görä, Pompeýde gazuw-agtaryş işlerini geçirýän arheologlar gadymy şäheriň merkezi böleginde Troýa urşuna bagyşlanan freskalar bilen bezelen banket zaly tapyldy.

Zalyň owadan gara reňkde edilen diwarlary şol döwrüň suratkeşleri üçin hakyky kendire öwrülipdir. Freskalarda Gadymy Gresiýanyň mifologiýasyndaky wakalar, şeýle hem rowaýata öwrülen Troýa söweşiniň wakalary şekillendirilýär.
Gadymy Rimiň gülläp ösen şäheri bolan Pompeýiň b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý  wulkanynyň atylmagy netijesinde kül we pemza gatlagynyň aşagynda galandygyny ýatladýarys. Şäheriň harabalyklary XVII asyrda tapyldy we gazuw-agtaryş işleri 1748-nji ýylda başlandy. Şondan bäri gözlegçiler wagtal-wagtal şäherde täze açyşlaryň üstünden barýarlar.


şu gün 10:53
939

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....