107 sany ýaş alym Türkmenistanda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi boldy

  • 13.06.2024 18:20
  • 19k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýaş alymlaryň 107-si Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2024-nji ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we baýraklar bilen sylaglanyldy.

Bäsleşige möhüm ugurlar boýunça diňe bir nazary däl-de, amaly taýdan ähmiýetli bolan işläp taýýarlamalar hem hödürlenildi. Seljeriş topary tarapyndan bäsleşigiň baýrakly orunlaryna hödürlenen, ýeňşe mynasyp görlen ýaş alymlaryň 107-siniň ylmy işleri saýlanyp alyndy. Şunda olaryň ähmiýeti, ylmy tarapdan täzeçilligi, ol taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirmek we önümçilige ornaşdyrmak nukdaýnazaryndan zerurlygy göz öňünde tutuldy.

Bäsleşikde ýeňiji bolanlaryň doly sanawy bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....