1-nji iýundan Aşgabat - Awaza - Aşgabat aralygynda awtobuslar gatnap başlar

  • 28.05.2024 15:12
  • 20k+

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 1-njy iýundan başlap, Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawyny ýola goýýar. Bu barada "Türkmenawtoulaglary" agentliginiň saýtynda habar berilýär.

Aşgabat - Awaza - Aşgabat ugry boýunça awtobus hepdäniň ähli günleri sagat 06:00-da Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow şaýolunda ýerleşýän halkara awtomenzilden ýola düşýär, 13:00-da bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Ýelkenli köçesiniň ugrunda ýerleşýän awtoduralgadan yzyna ugraýar.
Şäherara awtobus gatnawyny amala aşyrýan raýatlar degişli kassalardan petekleri satyn alyp bilerler.

Gatnawyň bir tarapy üçin petegiň bahasy 75 manat möçberinde bellenildi.
Habarlaşmak üçin:
+993 12 44-35-30;
44-35-20.


25.06.2026 23:36
5.4k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......