Azerbaýjanda türki döwletleriň Kardiologiki kongresi geçirildi

  • 22.04.2024 11:14
  • 3.4k+

19-21-nji aprelde Bakuwda Azerbaýjandan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Bosniýa we Gersegowinadan hem beýleki ýurtlardan kardiologiýa ugry boýunça ýöriteleşen ylmy we lukmançylyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda türki döwletleriň birinji Kardiologiki kongresi geçirildi. Bu barada Azertaj habar berýär.

Kongres Azerbaýjanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Kardiologiýa ylmy-gözleg instituty tarapyndan geçirildi. Bu çäre türki ýurtlaryň professional lukmançylyk jemgyýetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin esas bolup hyzmat eder.
Forumyň açylyşynda kongresi her ýyl we nobat bilen türki dünýäsiniň her ýurdunda geçirmek teklip edildi.
Bakuwda kongresiň çäklerinde täze lukmançylyk tehnologiýalaryny we esasy lukmançylyk üstünliklerini ulanmagyň amaly taraplaryna bagyşlanan umumy we seksion mejlisler, kliniki diskussiýalar we täze kliniki gözlegler boýunça maslahatlar geçirildi.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......